Türkmenistan bilen Gruziýanyň haryt dolanyşygy 2025-nji ýylda $100 milliondan geçdi

BT
Türkmenistan bilen Gruziýanyň haryt dolanyşygy 2025-nji ýylda $100 milliondan geçdi
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze (Surat: 1tv.ge)

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2025-nji ýylda 26 göterim artyp, 100 million ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze türkmen-gruzin işewürlik forumynyň ikinji mejlisiniň açylyşynda eden çykyşynda aýtdy.

1TV.ge neşiriniň habar bermegine görä, Gruziýanyň Premýer-ministri iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşiniň şu ýyl hem dowam edýändigini belledi.

"Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gruziýa durnukly we ygtybarly söwda hyzmatdaşlarydyr. Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 26 göterim ýokarlanyp, 100 million dollardan geçdi we bu oňyn ösüş şu ýyl hem dowam edýär" diýip, Irakliý Kobahidze aýtdy.

Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetine hem ünsi çekdi. Irakliý Kobahidzeniň bellemegine görä, bu sapar iki ýurduň arasyndaky özara ynamyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Irakliý Kobahidze gazanylan ösüşlere garamazdan, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle hem ol hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek we iki ýurduň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

2022