Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Tbilisi şäherinde geçirilen türkmen-gruzin işewürlik forumynda ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Döwlet Baştutany çykyşynda maýa goýum maksatnamasyna, ýangyç-energetika toplumyna hem-de esasy pudaklaryň eksport mümkinçiliklerine aýratyn üns berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň başynda ýurtda maýa goýum maksatnamasynyň kabul edilendigini, onuň esasy maksadynyň jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejesinde saklamakdan ybaratdygyny aýtdy. Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny we Türkmenistan dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri hasaplanýan “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna girişendigini belledi. Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow Hazar deňzindäki uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň möhüm ugurlaryň biri bolup galýandygyny nygtap, bu babatda daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda täze önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berlendigini, öndürilýän suwuk nebit önümleriniň bolsa Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna durnukly eksport edilýändigini belledi. Şeýle hem dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän mineral dökünleri, polimerleri we beýleki himiýa önümlerini öndürýän zawodlaryň gurulmagynyň gazhimiýa pudagynda senagat ösüşiniň ýokarlandyrylýandygyny aýtdy. Şeýle hem ýurtda hususy pudagyň netijeli ösdürilýändigini, gurluşyk, metal, plastmassa, kabel we elektrotehniki önümleriň giň möçberde öndürilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany dokma we oba hojalyk pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerine hem üns çekip, Türkmenistanda ýylda 130 müň tonnadan gowrak taýýar dokma önümleriniň öndürilýändigini we onuň umumy möçberiniň takmynan 80 göteriminiň daşary ýurtlara eksport edilýändigini, maýa goýumlaryň artmagy we hususy pudagyň ösdürilmegi netijesinde oba hojalyk pudagynyň eksport mümkinçilikleriniň hem giňeldilýändigini nygtady. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan ekologik taýdan arassa azyk önümlerini eksport edýän iri ýurtlaryň birine öwrülendigini aýtdy.

















