Türkmenistan “Hazar deňzi–Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýar

BT
Türkmenistan “Hazar deňzi–Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny goldaýar
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisi şäherinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen geçiren gepleşiklerinde Türkmenistan–Azerbaýjan–Gruziýa–Rumyniýa ugry boýunça “Hazar deňzi–Gara deňiz” ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyjy goldaýandygyny tassyklady. Bu barada anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutany ulag, logistika, aragatnaşyk we port infrastrukturasynyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girýändigini belledi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Hazar we Gara deňiz sebitleriniň özara baglanyşdyrylmagy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy, parlamentara gatnaşyklary, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet, ylym-bilim we sport ulgamlarynda Gruziýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Gruziýanyň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

2022