Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda Tbiliside geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Gruziýanyň Hökümet binasynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýady dürli ugurlara degişli ikitaraplaýyn resminamalar bilen ýetirildi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Gruziýanyň Prokuratura edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, maliýe gözegçiligi, döwlet emlägini dolandyrmak we hususylaşdyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalar bar.
Şeýle hem ulag we deňiz ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen “Gruzin demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen “Gruziýanyň Deňiz ulaglary agentligi” jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň arasynda deňiz ulag howpsuzlygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama hem-de hünärmenleri taýýarlamak we deňiz bilimi babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Resminamalar medeniýet, sungat, kitaphana işi, şeýle hem bilim we ylym ugurlaryny hem öz içine alýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Gruziýanyň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar hem bar.
Gol çekilen resminamalar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny dürli ugurlarda ösdürmäge we bilelikde durmuşa geçirilmeli anyk işleriň ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

















