Türkmen we gruzin kompaniýalary işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekdiler

BT
Türkmen we gruzin kompaniýalary işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekdiler
Türkmen-gruzin işewürlik forumy, 2026-njy ýylyň 16-njy iýuly, Tbilisi, Gruziýa (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde geçirilen türkmen-gruzin işewürlik forumynyň netijeleri boýunça iki ýurduň kompaniýalary birnäçe hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Forum “Expo Georgia” sergi merkezinde geçirildi we onuň çäklerinde türkmen we gruzin telekeçileri 50-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Çärede umumy meýdany 592 inedördül metre barabar bolan sergi guraldy. Sergide Türkmenistanyň 17 sany ministrligi we 42 sany hususy kärhanasy “Türkmenistanda öndürildi” haryt nyşany bilen öndürilen milli önümlerini tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hem sergä baryp gördüler.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda gruzin kompaniýalary bilen baglaşylan birnäçe ylalaşyklar bar. Hususan-da, “Döwrebap ulag merkezi” hususy kärhanasy logistika hyzmatlaryny etmek, “Tibet türkmen” we “Şerbetli Ak gar” hususy kärhanalary Gruziýa konditer önümlerini eksport etmek, “Gündogar Akymy” hususy kärhanasy distribýuterligi almak, “Täç hil” hususy kärhanasy bolsa hojalyk himiýasy önümlerini Gruziýa eksport etmek boýunça ylalaşyklara gol çekdi.

Mundan başga-da, “Ygtybarly ätiýaçlandyryş” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bolsa gurluşyk materiallaryny satyn almak we satmak boýunça ähtnamalara gol çekdi.

2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 26 göterim artyp, 100 million ABŞ dollaryndan geçdi. Şeýle hem taraplar Gruziýanyň Gara deňiz kenarynda Türkmenistanyň ýük terminalyny döretmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

2022