Fransiýanyň öňdebaryjy “ESSEC” biznes mekdebi Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Bu barada “ESSEC” biznes mekdebiniň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti, goşmaça bilim maksatnamalary we korporatiw gatnaşyklar boýunça dekany Žýulýen Moloren penşenbe güni Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi Myrat Çaryýew bilen geçiren duşuşygynda aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Žýulýen Moloren “ESSEC” biznes mekdebiniň işi barada maglumat berip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilim, ylym we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bilelikdäki okuw maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, talyplaryň we mugallymlaryň akademiki alyş-çalşygyny ýola goýmak, ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de bilim edaralaryny dolandyrmak boýunça tejribe alyşmak görkezildi.
Türkmen Ilçisi halkara bilim hyzmatdaşlygynyň ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, 2025-nji ýylda Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ykdysadyýet, dolandyryş, telekeçilik we döwrebap tehnologiýalar boýunça hünärmenleri taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebi bilen “ESSEC” biznes mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, şol sanda hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama taýýarlamagy teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
1907-nji ýylda döredilen “ESSEC Business School” biznes, dolandyryş we ykdysadyýet ugurlary boýunça Fransiýanyň hem-de Ýewropanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biridir. Ol Fransiýada, Singapurda we Marokkoda okuw merkezlerine eýe bolup, dünýäniň köp sanly uniwersitetleri we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

















