"Biznes Türkmenistan" (BT) internet neşiri şu hepde "Android" we "iOS" üçin mobil goşundylarynyň täzelenen görnüşini ulanyşa girizdi. Ol degişli platformalaryň mobil goşundylar ulgamynda elýeterlidir.
Täze mobil goşundylaryň dizaýny websaýtdan tapawutly bolup, onda hem gündelik habarlar we maglumatlar bilen birlikde, döwlet edaralary we hususy kärhanalar tarapyndan yglan edilýän tenderler, Türkmenistanda iş alyp barýan dürli kompaniýalardaky boş iş orunlary, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birzasynyň kotirowkalary, halkara sergiler hem-de resmi bildirişler yzygiderli ýerleşdirilýär.
2019-njy ýylda döredilen "Biznes Türkmenistan"I(BT) internet neşiri gysga wagtyň içinde kõpugurly media platformasyna öwrüldi. Neşirde ykdysadyýet, maýa goýumlar, hususy pudak, dokma senagaty, nebit-gaz senagaty, gurluşyk, oba hojalygy, tehnologiýa, logistika we halkara söwda ýaly ugurlar boýunça täzelikler yzygiderli çap edilýar. Neşiriň türkmen, iňlis we rus dillerinde elýeterli bolmagy bolsa yerli okyjylar bilen birlikde daşary ýurtly telekeçileriň we maýadarlaryň hem gyzyklanmasyny çekýär. Şeýlelikde, "Biznes Türkmenistan" (BT) internet neşiri Türkmenistanyň işewürlik durmuşyndaky möhüm wakalary hem-de ykdysady ösüşleri ýerli okyjylara we halkara jemgyýetçiligine ýetirýän öňdebaryjy sanly platformalaryň biri hökmünde tanalýar.
Sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen maglumatlaryň islendik wagtda we islendik ýerde elýeterli bolmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Takyk, ygtybarly we öz wagtynda berilýän maglumatlar bolsa häzirki zaman işewürliginiň esasy zerurlyklarynyň biridir. "Biznes Türkmenistan" internet neşiri hem şu ýörälga eýerip, okyjylaryna giňişleýin we ýokary hilli maglumatlary dessine hödürlemegi dowam etdirýär.

















