Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy bilen bilelikde 17–18-nji iýulda Waşingtonda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çäreleriniň tapgyryny gurady. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy özüniň resmi X sosial sahypasynda habar berdi.
Çäräniň çäklerinde 17-nji iýulda geçirilen "Türkmenistan bilen ABŞ-nyň hyzmatdaşlygy: Garaşsyzlygy, dostlugy we umumy geljegi dabaralandyrmak" atly tegelek stol maslahaty esasy orun eýeledi. Maslahata Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajyýew, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň orunbasary Mark Kemeron hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi Mettýu Klimou gatnaşdy. Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini belläp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, çärede türkmen halk amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, milli lybaslaryň, kitaplaryň we neşir önümleriniň sergisi, şeýle hem dostlukly küşt ýaryşy we futbol duşuşygy geçirildi.
Küşt ýaryşyna diplomatik we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, türkmen diasporasynyň agzalary hem-de çärä gelen myhmanlar gatnaşdylar. Ýaryşyň ýeňijilerine medallar we şahadatnamalar, futbol duşuşygyna gatnaşyjylara bolsa ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

















