“Balam” Hytaýa konditer önümleriniň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

BT
“Balam” Hytaýa konditer önümleriniň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär
“WorldFood Moscow” 31-nji güýzki Halkara azyk önümleriniň sergisi, 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabry, Moskwa, Russiýa

Telekeçi Amandursun Begjanowa degişli bolan “Balam” konditer kärhanasynda öndürilýän önümleriň Hytaý Halk Respublikasyna eksportyny ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda kärhananyň konditer önümleri Russiýa Federasiýasyna, Gruziýa, Yraga, Özbegistana, Gyrgyzystana we Owganystana eksport edilýär. Şeýlelikde, kompaniýa eksport geografiýasyny mundan beýläk-de giňeltmegi meýilleşdirýär.

Kärhanada Italiýanyň döwrebap enjamlary arkaly 50-den gowrak dürli görnüşli konditer önümi öndürilýär. Şeýle hem kärhananyň “Ýürek”, “Balam”, “Nowruz”, “Bitaraplyk” we “Garagum” gatlakly kökeleri, kruassanlary, ýarymtaýýar önümleri hem-de “Balam” şokolad pastasy uly meşhurlyga eýedir. Mundan başga-da bu ýerde bulka önümleriniň we berhizlik çörekleriniň birnäçe görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň söwda merkezlerine ugradylýar.

Önümçilikde ýerli çig mal giňden ulanylýar hem-de önümleriň hiline we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Giňelýän eksport geografiýasy we halkara sergilerinde gazanylýan üstünlikler “Balam” haryt nyşanly konditer önümleriniň daşarky bazardaky ornuny has hem pugtalandyrýar.

"Balam” 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde döredilen türkmen konditer kärhanasy bolup, tortlary, kökeleri, kruassanlary we beýleki süýji önümlerini öndürýär. Önümçilik Şweýsariýanyň we Ýewropanyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

2022