Türkmenbaşy portunda “e-TIR” ulgamy arkaly ilkinji synag ýük daşamalary geçiriler

BT
Türkmenbaşy portunda “e-TIR” ulgamy arkaly ilkinji synag ýük daşamalary geçiriler
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda 22–24-nji iýul aralygynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) goldaw bermeginde “e-TIR” ulgamynyň ulanylmagy arkaly ilkinji synag ýük daşamalary geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.

Bu synag ýük daşamalary 20-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda başlanan, halkara “e-TIR” sanly ulgamyny ulanmak arkaly ilkinji ýük daşamalaryny guramak, utgaşdyrmak we tehniki goldaw bermäge bagyşlanan bäş günlük maksatnamalaýyn çäreleriň amaly tapgyry bolar. Şeýle hem maksatnamanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçiriljek amaly tapgyrynda IRU-nyň bilermeni Wahtang Zarandiýanyň gatnaşmagynda okuw çäreleri guralar.

Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda “e-TIR” ulgamyny işe girizmegiň amaly taraplaryna hem-de Azerbaýjan–Türkmenistan–Özbegistan ugry boýunça ilkinji synag daşamasyny guramaga bagyşlanan giňeldilen tehniki maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri, şeýle hem halkara guramalaryň — IRU, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) we Söwda hem-de ösüş boýunça BMG-niň konferensiýasynyň (UNCTAD) wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistan sebitde ilkinjileriň hatarynda "e-TIR" ulgamyny halkara ýük daşamalarynda üstaşyr geçirilýän awtoulag serişdeleri üçin işe girizýändigi bellenildi. Şeýle hem munuň ýurduň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti barada nygtaldy.

2022