Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 19–22-nji awgusty aralygynda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu çäre çagalar üçin önümler we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar, öndürijiler, üpjün edijiler, paýlaýjylar, bilim edaralary hem-de pudagyň hünärmenleri üçin özara tejribe alyşmak we täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.
Serginiň dowamynda gatnaşyjylar çagalar üçin niýetlenen dürli önümleri we hyzmatlary, şol sanda gündelik sarp edilýän harytlary, bilim ugurlaryndaky çözgütleri, dynç alyş we ösüş hyzmatlaryny, şeýle hem innowasion önümleri hödürlärler.
“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” sergisi çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalara öz täze önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrmak, bazaryň häzirki ugurlaryny öwrenmek hem-de täze mümkinçilikleri açmak üçin giň şertleri döreder. Şeýle hem bu halkara sergi türkmen öndürijileri üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we milli söwda markalarynyň dünýä bazaryna çykmagyna ýardam etjek möhüm çäreleriň biri bolar.
Habarda bellemegine görä, bu sergi dünýäniň dürli künjeklerinden halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we çagalar pudagynyň wekilleriniň ünsüni çekmäge gönükdiriler. Çäräniň çäginde mowzuklaýyn sergiler, önümleriň tanyşdyrylyş dabaralary, ussatlyk sapaklary, interaktiw zolaklar hem-de işewürlik duşuşyklary geçiriler.
“Kids Expo” halkara sergi-ýarmarkasy gatnaşyjylara täze hyzmatdaşlary tapmak, işewür aragatnaşyklaryny giňeltmek hem-de bazaryň täze ugurlary bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.

















