Köneürgenjiň pagta egriji fabrigi 31,5 million manatdan gowrak önüm öndürdi

BT
Köneürgenjiň pagta egriji fabrigi 31,5 million manatdan gowrak önüm öndürdi
Pagta egriji fabrikde ýüplükleriň öndürilýän pursady

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän pagta egriji fabrigi 2026-njy ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda 31 million 516 müň 600 manatlyk önüm öndürdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň taslama kuwwaty ýylda 6 müň 700 tonna pagta süýümini gaýtadan işlemäge gönükdirilendir. Hasabat döwründe önümçilik bölümlerinde dürli belgili nah ýüplükleriniň 590,6 tonnasy öndürildi.

Fabrikde esasan Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda taýýarlanan pagta süýümi gaýtadan işlenilýär. Şeýle hem önümçilikde taýýarlanylýan nah ýüplükler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Kärhananyň zähmet topary ýyllyk meýilnamada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak ugrunda iş depginini has hem artdyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022