Türkmen wekiliýeti CAREC-de sanly aragatnaşyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

BT
Türkmen wekiliýeti CAREC-de sanly aragatnaşyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy
CAREC maksatnamasynyň Sanly Geçelge boýunça konsultatiw duşuşygy, 2026-njy ýylyň 29-30-njy iýuly, Yslamabat, Pakistan (Surat: CAREC)

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabatda 29–30-njy iýulda geçirilen “Merkezi Aziýada Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC)” maksatnamasynyň Sanly Geçelge boýunça konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, telekommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Duşuşyga Pakistanyň maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar boýunça federal ministri Şaza Fatima Hawaja, Aziýa Ösüş Bankynyň Pakistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Emma Fan, şeýle hem CAREC-e agza dokuz ýurduň wekiliýetleri, hökümet edaralarynyň, telekommunikasiýa operatorlarynyň, düzgünleşdiriji edaralaryň, halkara guramalaryň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň wekilleri we tehniki bilermenler gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda CAREC Sanly Geçelgesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň deslapky netijeleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, serhetüsti sanly infrastruktura, maglumat merkezleri, düzgünleşdiriji hyzmatdaşlyk, kiberhowpsuzlyk we maýa goýum ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Türkmen wekiliýeti CAREC-yň çäklerinde döwrebap we bitewi sanly ekoulgamy döretmegiň durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde, serhetüsti sanly hyzmatlary giňeltmekde we sebitleýin integrasiýany çuňlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem türkmen tarapy sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly özgertmeleri durmuşa geçirmek hem-de CAREC sebitinde sanly arabaglanyşygy berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek ýörelgelerine Türkmenistanyň ygrarlydygyny tassyklady.

CAREC-iň habar bermegine görä, duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyjy ýurtlar CAREC Sanly Geçelgesi boýunça taýýarlanan tehniki-ykdysady esaslandyrma taslamasyna degişli tekliplerini ýakyn hepdelerde hödürlemäge ylalaşdy. Täzelenen hasabatyň 2026-njy ýylyň sentýabrynda geçiriljek CAREC ministrler maslahatynyň 25-nji mejlisinde hödürlenmegine garaşylýar.

CAREC maksatnamasy Aziýa Ösüş Bankynyň goldawy bilen Merkezi Aziýa we onuň töweregindäki ýurtlaryň arasynda ulag, söwda, energetika hem-de sanly baglanyşyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Sanly geçelge başlangyjy bolsa sebitde sanly arabaglanyşygy berkitmegi, maglumat alyş-çalşyny ýeňilleşdirmegi we sanly hyzmatlaryň ösüşini höweslendirmegi maksat edinýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС