Türkmen telekeçileri “TTR II 2026” syýahatçylyk sergi-ýarmarkasyna çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri “TTR II 2026” syýahatçylyk sergi-ýarmarkasyna çagyrylýar
“TTR I 2026” sergi-ýarmarkasynyň ýaz tapgyry, 2026-njy ýylyň 12-15-nji fewraly, Buharest, Rumyniýa (Surat: Târgul de Turism al României)

Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 19–22-nji noýabry aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki “Romexpo” sergi merkezinde geçiriljek “TTR II 2026” syýahatçylyk ýarmarkasynyň güýzki tapgyryna gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi metbugat gullugy habar berýär.

“TTR II 2026” — Rumyniýanyň syýahatçylyk pudagynyň iň iri halkara işewürlik çäreleriniň biri bolup, milli syýahatçylyk guramalaryny, syýahatçylyk agentliklerini, turoperatorlary, myhmanhana torlaryny, awiakompaniýalary, ulag kärhanalaryny we pudagyň beýleki wekillerini bir ýere jemlär.

Ýarmarkanyň dowamynda syýahatçylyk ugurlary, dynç alyş mümkinçilikleri, myhmanhana we ulag hyzmatlary, sanly syýahatçylyk çözgütleri hem-de pudakdaky täze işläp taýýarlamalarbilen tanyşdyrylar. Şeýle hem B2B duşuşyklarynyň, hyzmatdaşlyk gepleşikleriniň we täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Guramaçylaryň bellemegine görä, “TTR II 2026” syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze hyzmatdaşlary we maýadarlary çekmek, bazarlary ösdürmek hem-de tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.

1999-njy ýylda ilkinji gezek geçirilen Rumyniýanyň Syýahatçylyk ýarmarkasy her ýylda iki gezek – ýaz we güýz tapgyrlarynda guralýar. Ol häzirki wagtda Rumyniýanyň iň iri syýahatçylyk işewürlik meýdançalarynyň biri bolup, ýurduň we daşary ýurtlaryň syýahatçylyk bazarynyň wekillerini bir ýere jemleýär.

2022