Geçen hepde ABŞ-nyň San-Diýego şäherinde “Fit International” kompaniýasynyň guramagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Bu çärä döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşdyrýan sergini synlap, Türkmenistan barada taýýarlanan surat we wideo ýazgylaryna tomaşa etdiler. Çärä Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew hem gatnaşdy.

Ilçi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan edip, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaşsyzlyk baýramlarynyň giňden bellenilmeginiň döwletleriň özygtyýarlylygyny, milli özboluşlylygyny, parahatçylykly ösüşini hem-de özara hormat goýmagyň ähmiýetini görkezýändigini belledi.
Çäräniň esasy wakalarynyň biri-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy.
Çäräniň dowamynda “Fit International” kompaniýasynyň prezidenti Kirt Edwards öz çykyşynda Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlary mynasybetli gutlady.

















