“AgroEksport” kompaniýasy Türkmenistana iberýän un önümleriniň görnüşlerini giňeltdi

BT
“AgroEksport” kompaniýasy Türkmenistana iberýän un önümleriniň görnüşlerini giňeltdi
“AgroEksport” kompaniýasynyň “Agro Pack Turkmenistan – 2026” halkara sergisindäki diwarlygy, 2026-njy ýylyň 12-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Russiýanyň Astrahan oblastynda ýerleşýän “AgroEksport” kompaniýasy Türkmenistana iberýän önümleriniň görnüşlerini giňeldip, täze önümi bolan “Russiýa” bugdaý çörek bişirijilik ununy eksport edip başlady. Bu barada kompaniýanyň wekili “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Täze önümiň goşulmagy kärhananyň eksport ugruny ösdürmek boýunça nobatdaky ädimi boldy. Mundan ozal kompaniýa Türkmenistana “Astrahan bugdaý çörek bişirijilik uny” brendi bilen öndürilýän önümlerini eksport edýärdi. Kompaniýanyň wekili “AgroEksport” kompaniýasynyň önümleriniň görnüşlerini giňeltmegi we Türkmenistana iberilýän önümleriň möçberini artdyrmagy dowam etdirýändigini aýtdy.

Önümleriň görnüşleriniň giňeldilmegi bilen bir hatarda, kompaniýa Türkmenistandaky hyzmatdaşlary üçin iberilýän önümlere arzanladyşlary hem yglan etdi. Kompaniýanyň bellemegine görä, täze teklipler türkmen alyjylary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilendir.

 “AgroEksport” kompaniýasynyň un üweýji toplumy Astrahan oblastyndaky “Lotos” ýörite ykdysady zolagynda ýerleşip, ol 2025-nji ýylda ulanmaga berildi. Kärhananyň önümçilik kuwwaty günde takmynan 200 tonna un öndürmäge barabardyr. Kompaniýanyň ozal beren maglumatlaryna görä, Türkmenistana her aý 6 müň tonna golaý önüm iberilýär.

2022