Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow duşenbe güni Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleriniň Assosiasiýasynyň (JATA) täze saýlanan başlygy Ýuji Hara bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Ýuji Harany JATA-nyň başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen JATA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen JATA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2013-nji ýylda ýurdumyzyň “JATA Travel Showcase 2013” halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşmagy bilen başlandy. Şeýle hem 2014-nji ýylda Tokioda geçirilen “Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri” atly maslahat we 2025-nji ýylda “EXPO 2025 Osaka” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde geçirilen “Türkmenistan – dostlugyň, doganlygyň we myhmansöýerligiň mekany” atly halkara maslahat hyzmatdaşlygyň üstünlikli mysallary hökmünde görkezildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle hem syýahatçylyk pudagynda döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

















