Türkmenistanyň “Hazar Logistik” hojalyk jemgyýeti Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Söwda we maýa goýumlar palatasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirip, söwda-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk “Hazar Logistik” hojalyk jemgyýetiniň Aşgabatdaky edara binasynda geçirildi. Bu barada kompaniýa çarşenbe güni özüniň resmi sosial media sahypasynda habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, logistika we üstaşyr ulag ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, taraplar duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
“Hazar Logistik” Türkmenistanda halkara ýük daşamalary, multimodal logistika, gümrük taýdan resmileşdiriş, ammarlyk hem-de eksport-import hyzmatlaryny hödürleýän hususy logistika kompaniýasydyr. Ol Merkezi Aziýa, Ýewropa, Hytaý we beýleki ugurlar boýunça ulag-logistika çözgütlerini hödürleýär hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

















