Özbegistanyň Buhara şäherinde Türkmenistanyň medeni-syýahatçylyk toplumyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň, Türkiýäniň “Finwest Finance Company” maýa goýum kompaniýasynyň, Ýewraziýa ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bileleşiginiň hem-de türkmen halylaryny öndürmek we öňe sürmek bilen meşgullanýan türkmen-özbek bilelikdäki kärhanasy “OOO SD TURKMEN HALY”-nyň wekilleri bilen geçiren iş duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada çarşenbe güni Özbegistanyň “UzA” Milli habarlar agentligi habar berdi.
Habarda bellenmegine görä, dörediljek bu toplum Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanar we bu ýerde myhmanlar türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary we milli senetçiligi bilen tanyşarlar. Agentligiň bellemegine görä, toplum Merkezi Aziýada etnografik we medeni syýahatçylygyň ösdürilmegindäki täze ugurlara laýyk gelýär. Şeýle hem häzirki wagtda aýratyn sowgat dükanlarynyň ýa-da wagtlaýyn sergileriň ýerine goňşy ýurtlaryň medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän giňişleýin merkezler döredilýär.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Buhara şäheri Özbegistanyň iri syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Şäher taryhy we geografik taýdan Türkmenistan bilen ýakyn baglanyşykly bolup, iki sebiti Beýik Ýüpek ýolunyň umumy söwda ýollary, meňzeş medeni däp-dessurlar hem-de köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär.
Özbegistanyň Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurda 11,7 million daşary ýurtly syýahatçy gelip, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46,8 göterim artdy.

















