“Hazar Logistik” we “Hyundai Corporation” logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
“Hazar Logistik” we “Hyundai Corporation” logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
“Hazar Logistik” hojalyk jemgyýeti bilen Günorta Koreýanyň “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň wekilleriniň iş duşuşygy, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Hazar Logistik”)

“Hazar Logistik” hojalyk jemgyýeti Günorta Koreýanyň “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirip, logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada kompaniýa penşenbe güni özüniň sosial sahypasynda habar berdi.

Duşuşyk Aşgabatdaky “Hazar Logistik” kompaniýasynyň ofisinde geçirilip, oňa “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň direktory Braýan J. Park hem gatnaşdy. Taraplar logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda maýa goýumlary çekmek, ýük daşamalarynyň möçberlerini artdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garadylar.

“Hyundai Corporation” kompaniýasynyň wekilleri Türkmenistanyň üstaşyr we logistika mümkinçiliklerine ýokary baha berip, uzak möhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Kompaniýanyň bellemegine görä, geçirilen duşuşyk iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

2022