Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy elektron nobat ulgamyna geçýär

BT
Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy elektron nobat ulgamyna geçýär
Belarusyň Aşgabatdaky ilçihanasynda elektron nobat ulgamy arkaly konsullyk kabul edilişine ýazylýan raýat (Surat: BT)

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň 7-nji awgustyndan başlap, konsullyk gullugyna ýüz tutýan raýatlar üçin elektron nobat ulgamyna geçýär. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Täze tertip wizany resmileşdirmek, hukuk bozulmalary barada kepilnama almak hem-de resminamalary kanunlaşdyrmak üçin resminama tabşyrýan raýatlara degişli bolar.

Elektron nobata ýazylmak üçin raýatlar Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynyň baş sahypasynda ýerleşdirilen baglanyşykdan peýdalanmalydyrlar.

Elektron nobat ulgamy arkaly konsullyk hyzmatlary üçin kabul edilişe ýazylmak 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlanar.

2026-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli raýatlaryň konsullyk gullugyna ýazylmagy öňki tertipde dowam eder.

2022