Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze hökümet mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň Gruziýa üçin aýratyn syýasy we ykdysady ähmiýete eýedigini belledi. Bu barada çarşenbe güni Russiýanyň döwlet habarlar agentligi TASS habar berdi.
Irakliý Kobahidze Gruziýanyň sebit döwletlerini Gara deňiz arkaly Günbatar giňişligi bilen baglanyşdyrýan möhüm halka bolup durýandygyny belläp, Merkezi Aziýa döwletleri bilen alnyp barylan hyzmatdaşlygyň netijelerine ünsi çekdi.
Premýer-ministr iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran resmi sapary barada aýdyp, saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekilendigini belledi.
Şeyle hem Kobahidze iýun aýynda Gazagystana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny, Gyrgyzystana we Täjigistana amala aşyran saparlarynyň dowamynda hem birnäçe ylalaşyklara gol çekilendigini aýtdy. Mundan başga-da, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Tbilisi sapary netijesinde Gruziýa bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykarylandygyny belledi.
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň bellemegine görä, hökümet geljekde Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi göz öňünde tutýar.

















