Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary ABŞ-nyň diplomaty bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary ABŞ-nyň diplomaty bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 7-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa anna güni ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn işler ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Şeýle hem taraplar ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda bilim we sport boýunça gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guramaçylyk meselelerine garaldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça yzygiderli dialogy dowam etdirmäge hem-de konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

2022