“Air Belgium” awiakompaniýasy Türkmenistana ilkinji gatnawyny amala aşyrdy

BT
“Air Belgium” awiakompaniýasy Türkmenistana ilkinji gatnawyny amala aşyrdy
“Air Belgium” awiakompaniýasynyň uçary Aşgabat Halkara howa menzilinde, 2026-njy ýylyň 1-nji awgusty (Surat: Surat: Aşgabat Halkara howa menzili)

Belgiýanyň “Air Belgium” awiakompaniýasy 1-nji awgustda Aşgabat halkara howa menziline ilkinji gatnawyny üstünlikli amala aşyrdy. Bu barada Aşgabat halkara howa menzili habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ilkinji gatnaw Türkmenistanyň we Belgiýanyň arasynda söwda, ykdysady we logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşar. Aşgabat halkara howa menzili ýük gatnawlaryna durnukly, howpsuz we netijeli hyzmat etmek üçin zerur şertlere eýe bolup, Türkmenistanyň logistika we ulag ulgamynda möhüm ähmiýete eýedir.

“Bu biziň Aşgabat şäherine amala aşyran ilkinji gatnawymyz bolup, biz bu döredilen mümkinçilik üçin örän şat. Bize şeýle mümkinçiligi döredendigi, gatnawlary amala aşyrmaga beren goldawy we myhmansöýerligi üçin Aşgabat halkara howa menziline minnetdarlyk bildirýäris. Bu hyzmatdaşlygy geljekde köp ýyllaryň dowamynda dowam etdireris diýip umyt edýäris. Sebäbi bu gatnaw Aziýadan Belgiýa ýüklerimizi daşamakda biziň üçin örän peýdalydyr” diýip, “Air Belgium” kompaniýasynyň Ýerüsti amallar boýunça direktory Mathieu Wituk aýtdy.

Ozal habar berlişi ýaly, ýük gatnawlaryny ýola goýmak boýunça taýýarlyk meseleleri Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen “Air Belgium” kompaniýasynyň baş direktory Jorj Şaşatiniň arasynda awiakompaniýanyň baş edarasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu gatnawy ýola goýmak boýunça ylalaşyga bolsa Jorj Şaşatiniň Türkmenistana saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde gol çekilipdi.

2022