Türkmen ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen geçirlen duşuşyga gatnaşdy

BT
Türkmen ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen geçirlen duşuşyga gatnaşdy
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy işler boýunça orunbasary Ellison M. Hukeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen geçiren duşuşygy (Surat: Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy)

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy işler boýunça orunbasary Ellison M. Hukeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen geçiren duşuşygyna Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy anna güni habar berdi.

Duşuşykda taraplar işewürlik gatnaşyklaryny, möhüm minerallar, emeli aň we sanlylaşdyrma ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşugyň dowamynda öňde boljak ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki çäreler hem-de umumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dowamly dialogyň we amaly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti tassyklanyldy.

2022