“Salkym” hojalyk jemgyýeti üzümiň eksportyny artdyrýar

BT
“Salkym” hojalyk jemgyýeti üzümiň eksportyny artdyrýar
Üzüm salkymy (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Salkym” hojalyk jemgyýeti içerki bazaryň isleginden artýan üzüm hasylynyň uly tapgyrlaryny Russiýa Federasiýasyna, Gruziýa we Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine eksport edýär. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda habar berildi.

“Salkym” hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda döwlet tarapyndan bölünip berlen 40 gektar ýer böleginde üzüm, şetdaly, erik, garaly ýaly dürli görnüşli miweleri ösdürip ýetişdirýär. Şeýle hem meýdanlaryň aglaba bölegini üzümçilik eýeleýär.

Dag etekleriniň toprak-howa şertleri ýokary hilli üzümiň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge amatly mümkinçilik döredýär. Üzüm baglaryna yzygiderli ideg edilip, olaryň düýpleri ýumşadylýar we organiki dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Geçirilýän agrotehniki çäreleriň netijesinde hojalygyň meýdanlaryndan üzüm bilen bir hatarda armyt we şetdaly ýaly beýleki miweleriň hem ýokary hilli hasyly ýygnalýar. Şeýle hem ýygnalan ter miweler içerki sarp edijilere ýetirilýär.

Täze hasylyň satuwa çykarylmaýan bölegi hojalyga degişli sowadyjy ammarda ýerleşdirilýär. Häzirki zaman ýokary tehnologiýalary bilen üpjün edilen ammar dürli görnüşli miweleri ýylyň dürli möwsüminde sarp edijilere ýetirmäge mümkinçilik berýär.

2022