Türkmen wekiliýeti “SANJEEVANI 2026” halkara saglygy goraýyş forumyna çagyrylýar

BT
Türkmen wekiliýeti “SANJEEVANI 2026” halkara saglygy goraýyş forumyna çagyrylýar
“Global Care Health” kompaniýanyň “SANJEEVANI 2024” halkara saglygy goraýyş forumynda diwarlygy (Surat: “Global Care Health”)

Türkmen wekiliýeti 7–9-njy sentýabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherindäki Bharat Mandapam merkezinde geçiriljek “SANJEEVANI 2026” halkara saglygy goraýyş we sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan foruma gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

“SANJEEVANI 2026” halkara saglygy goraýyş forumy saglygy goraýyş edaralarynyň, lukmançylyk syýahatçylygy ulgamynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, sagdyn durmuş hyzmatlary pudagynyň we beýleki degişli ugurlaryň wekillerini bir ýere jemlär. Bu iri halkara çärä 350-den gowrak daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, ýöriteleşdirilen sergi, tematik konferensiýalar, B2B duşuşyklary hem-de daşary ýurtly wekiller üçin Hindistanyň öňdebaryjy hassahanalaryna tanyşlyk saparlary geçirmek meýilleşdirilýär. Hassahanalara tanyşlyk saparyny forumyň üçünji güni – 9-njy sentýabrda guramak göz öňünde tutulýar.

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy daşary ýurtly wekiller üçin hasaba alnyşyň başlanandygyny hem-de dalaşgärleriň forumyň resmi internet platformasy arkaly hasaba alynýandygyny habar berýär. Dalaşgärleriň arzalary hünär ölçegleri esasynda deslapky seçip alyşdan geçiriler.

2022