Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasy türkmen telekeçilerini, senagatçylaryny we maýadarlaryny ykdysady wekiliýetiň düzüminde Owganystana baryp, ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin ýurda çagyrdy. Bu barada Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasy ýekşenbe güni habar berdi.
Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň ýolbaşçylarynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi çakylygy boýunça Türkmenistanda saparda boldular. Saparyň dowamynda Owganystanyň Söwda we maýa goýum palatasynyň welaýatlar boýunça jogapkär orunbasary Faiz Ahmad Kawafi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, türkmen telekeçileri, senagatçylary we maýadarlary bilen duşuşdy.
Hawafi iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň çäginde bilelikdäki maýa goýumlary we kärhanalary, uzak möhletleýin şertnamalary hem-de amaly ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagynyň ähmiýetini belledi. Şeýle hem, iki ýurduň kompaniýalarynyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmegiň, söwda wekiliýetleriniň özara saparlaryny artdyrmagyň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini zerurlygynyny nygtap, bu ugurda iş alyp barmak üçin türkmen işewürlerini Owganystana çagyrdy.
Duşuşykda Owgan tarapy hususy pudaklaryň hyzmatdaşlygy üçin nebit-gaz, energetika, senagat, dag-magdan, oba hojalygy, ulag, demir ýollar, üstaşyr geçelgeler, logistika we ammarçylyk ýaly ugurlary esasy hyzmatdaşlyk ugurlary hökmünde görkezdi.

















