Türkmenistan bilen Owganystan “Lapis Lazuli” we ulag geçelgelerini ösdürmegi maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Owganystan “Lapis Lazuli” we ulag geçelgelerini ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar bilen duşuşygy. (Surat: Pajhwok Afghan News)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar iki ýurduň arasyndaky ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şol sanda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini, şeýle hem “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesini ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Gepleşikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystana iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Duşuşykda sebitde ulag-logistika mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň möhüm orny bellenildi. Abdul Gani Baradaryň aýtmagyna görä, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn we sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.

Türkmenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistika merkezlerini ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bolsa Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleri, şeýle hem “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesi görkezilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça Ylalaşyga 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde gol çekildi. Multimodal ulag ugry bolsa Merkezi we Günorta Aziýany Hazar, Gara we Ortaýer deňizleriniň sebitleri bilen birleşdirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ozal “Lapis Lazuli” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe teklibi öňe sürüpdi. Hususan-da, ulag geçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň çäklerinde durnukly ýük akymlaryny emele getirmek we bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmak üçin bitewi logistik merkezi döretmek, ýükleriň ugradylýan we kabul edilýän ýerleriniň, şol sanda deňiz menzilleriniň, demir ýol beketleriniň we awtomobil menzilleriniň infrastrukturasyny ösdürmäge aýratyn üns bermek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça hem-de yzyna ýükleri geçirmek üçin bitewi nyrh syýasatyny ýöretmek teklip edilipdi.

Şeýle hem “Bir penjire” ýörelgesine esaslanýan gözegçilik ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek we ulag geçelgesiniň sanly atlasyny taýýarlamak teklip edildi. Habarda bellenilişi ýaly, bu multimodal geçelge Merkezi we Günorta Aziýanyň, şeýle hem Hazar, Gara deňiz we Ortaýer deňzi sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da gepleşiklerde iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen bilelikdäki sergileri we işewürler forumlaryny geçirmegiň möhümdigi hem bellenildi.

2022