Türkmenistan türkmen-owgan ykdysady hyzmatdaşlyk toparyny döretmegi teklip etdi

BT
Türkmenistan türkmen-owgan ykdysady hyzmatdaşlyk toparyny döretmegi teklip etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradaryň duşuşygy, (Surat: arg.gov.af)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilelikdäki taslamalar barada aýdyp, olary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine üns çekdi we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan toparyny döretmegi teklip etdi. Ol Türkmenistanyň owgan tarapynyň tekliplerine seretmäge taýýardygyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini tassyklady.

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysady meseleler boýunça başlygynyň orunbasary Abdul Gani Baradar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, bilelikdäki sergileri we işewürlik maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigini aýdyp, Türkmenistana netijeli hyzmatdaşlygy we hoşniýetli garaýşy üçin hoşallygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetika toplumy, hususan-da, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy, şeýle hem ulag we elektroenergetika infrastrukturasy we dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022