Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler

BT
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler
III Astrahan halkara “Demirgazyk — Günorta” ulag geçelgesi forumy (Surat: TV BRICS)

Astrahan şäherinde 2026-njy ýylyň 25–27-nji noýabrynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler. Bu barada çäräni gurnaýjylara salgylanyp, “PortNews” neşiri habar berdi.

Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň çäklerinde üç esasy — günbatar, Hazarüsti we gündogar ugurlary öz içine alýan “Demirgazyk — Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem portlaryň we demir ýollarynyň ýük geçiriş kuwwatyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem forumyň işewürlik maksatnamasynda plenar mejlisler, tegelek stollar we eksport-import teklipleriniň biržasy göz öňünde tutulýar. Forum “RusIranEkspo” döwlet konserniniň, “Demirgazyk — Günorta” Hazar halkara integrasiýa klubynyň, Astrahan oblastynyň hökümetiniň we beýleki guramalaryň goldawy bilen geçirilýär. Çäräniň giňişleýin maksatnamasy bilen forumyň resmi saýtynda tanyşmak bolýar.

2022