Türkmen halkynyň Milli Lideri onkologiýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

BT
Türkmen halkynyň Milli Lideri onkologiýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Aşgabatda gurulýan Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkezi (Surat: THP)

Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde gurluşygy alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy jemleýji tapgyra ýetdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow desganyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Bu barada THP habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde desgany Mýunheniň Lýudwig-Maksimilian adyndaky uniwersitetiniň klinikasynyň öňdebaryjy hünärmenleri — professor Fris we Sýuzanna Şpelsberg hem synladylar. Şeýle hem nemes hünärmenleri bolsa merkeziň tehnologiki binýadyna ýokary baha berdiler.

Taslama Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistan saglygy goraýyşda izotoplary parahatçylykly we howpsuz ulanmak boýunça agentlik bilen 2026–2030-njy ýyllar üçin täze hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlaýar.

Merkeziň düzüminde şöhle we funksional anyklaýyş, radiofarmasewtika, uly ýaşlylar we çagalar gematologiýasy bölümleri ýerleşdirilip, desgada radiasiýa we ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berler. Mundan başga-da, radioaktiw lukmançylyk galyndylaryny zyýansyzlandyrmak we howpsuz saklamak üçin döwrebap ulgam gurnalyp, bu ulgama ýewropaly bilermenler ýokary baha berdiler.

Merkez doly sanly ulgama geçiriler we emeli aň esasyndaky modullar hünärmenlere lukmançylyk suratlaryny çalt seljermäge mümkinçilik berer, bitewi ulgam bolsa ähli bölümleri hakyky wagt tertibinde birleşdirer. Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň diňe bir bejergi üçin däl, eýsem türkmen lukmanlarynyň we tehnologiki ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň dünýäniň öňdebaryjy onkolog lukmanlarynyň ýanynda tejribe geçmegi üçin bilim binýady hökmünde hem ulanylmalydygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri desgany gözden geçirip, taslamany giňeltmegi we paýtagtyň günortasyndaky saglyk merkezleriniň toplumyna meňzeş döwrebap lukmançylyk şäherçesini Aşgabadyň demirgazyk böleginde hem döretmegi teklip etdi.

Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň dabaraly açylyşyny 2026-njy ýylda geçirmek meýilleşdirilýär. Çäräni Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň gününe gabat getirmek we onuň çäklerinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirmek göz öňünde tutulýar.

2022