Sentýabrda çagalar üçin “Paýlaş” mobil goşundysy we multserialy çykar

BT
Sentýabrda çagalar üçin “Paýlaş” mobil goşundysy we multserialy çykar
“Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynda “Paýlaş” diwarlygy, 2026-njy ýylyň 19–22-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Sentýabr aýynda “Paýlaş we onuň dostlary” multserialy we çagalar üçin niýetlenen “Paýlaş” oýun mobil goşundysy çykarylar. Bu barada taslamanyň awtory we menejeri Oraz Orazow Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine gürrüň berdi.

Multserial we mobil goşundysy özara baglanyşykly bolup, multfilmi göni goşundynyň üsti bilen ýa-da aýratynlykda görmäge mümkinçilik berler. Şeýle hem mobil goşundysy türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterli bolar.

“Paýlaş” sanly kömekçi taslamanyň baş gahrymany bolup, çagalara täze zatlary öwrenmäge we daşky dünýäni sada dilde düşündirmäge ýardam eder. Multfilmde kub görnüşindäki pişijekler Lulu we Çiçi dürli ýagdaýlara duş gelip, “Paýlaş” olara bolup geçýän wakalara düşünmäge we çözgüt tapmaga kömek eder.

Goşundy “Studio 22” we “Belli Asman” kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülip, onda oýun we öwrediji häsiýetli ýumuşlar, şol sanda tapmaçalar, şeýle hem arheologiýa we saz sungatyna bagyşlanan bölümler göz öňünde tutulýar. “Paýlaş” çaganyň oýun we okuw döwründe ýanynda bolýan sanly kömekçi hökmünde çykyş eder.

Geljekde bu mobil goşundysyna çagalary okuw maksady bilen üpjün edilýän noutbuklara hem ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Sanly kömekçi “Paýlaş” okuwçylara okuw ýumuşlaryny ýerine ýetirmekde hem kömek edip biler.

Taslama baradaky goşmaça maglumatlar we täzelikler www.paylash.com.tm resmi web sahypasynda elýeterlidir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022