Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze ilçisini kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň täze ilçisini kabul etdi
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtleri kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Ilçi duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, Türkmenistanda Germaniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Federal Kansleri Fridrih Mersiň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Germaniýanyň Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biridigi bellenildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukuklylyk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda ösdürilýändigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Germaniýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky hyzmatdaşlygyň sebit ösüşi, ykdysady gatnaşyklary we ulag arabaglanyşygyny giňeltmekdäki ähmiýetine hem üns çekildi.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-german iş toparynyň hem-de German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we türkmen-german hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС