Yslamabat şäherindäki “The Centaurus Group” kompaniýasynyň baş edarasynda 2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministriniň Syýahatçylyk boýunça geňeşçisi we milli utgaşdyryjysy, “The Centaurus Group” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Sardar Ýasir Ilýas Han bilen duşuşyp, syýahatçylyk ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.
Türkmen Ilçisi Pakistan tarapyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, şeýle hem milli atşynaslygy ösdürmek we dünýä belli ahalteke bedewleriniň meşhurlygyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem 4–6-njy sentýabrda Niderlandlaryň “Pilbergen” atçylyk toplumynda geçiriljek Ahalteke bedewleriniň ilkinji Bütindünýä çempionatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Türkmenistanyň we Pakistanyň degişli edaralarynyň arasynda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirildi. Hususan-da, bilelikdäki çäreleri geçirmek, tejribe alyşmak hem-de iki ýurduň atçylyk guramalarynyň hünärmenleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar sport, syýahatçylyk, medeni we ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

















