Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi ilkinji Gurultaý saýlawlarynyň geçirilmegi bilen gutlady

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi ilkinji Gurultaý saýlawlarynyň geçirilmegi bilen gutlady
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynda ses berýän pursady (Surat: akorda.kz)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynyň geçirilmegi mynasybetli gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de öz adyndan Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe gutlaglaryny beýan edip, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň goldawyna we türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystanda geçirilen parlament saýlawlaryna şahsy ünsüne ýokary baha berip, saýlawlara gatnaşan türkmenistanly synçylara aýratyn minnetdarlygyny beýan etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy boýunça hem pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistan bilen Gazagystanyň halkara syýasy giňişlikde ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygy hem-de ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk we netijeli dialogyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bellenildi.

Kasym-Žomart Tokaýew 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek “Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk” mowzugy boýunça Akaba prosesiniň mejlisine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa 2026-njy ýylyň 7 — 9-njy oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üç möhüm sammiti, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini we Hazar ekologiýa sammitini geçirmek baradaky Türkmenistanyň tekliplerini goldandygy hem-de bu forumlara gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine minnetdarlygyny beýan etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew däp bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna rowaçlyk hem-de ösüş arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС