Pakistanyň wekiliýeti Türkmenistanda täze işewür hyzmatdaşlyklaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garady

BT
Pakistanyň wekiliýeti Türkmenistanda täze işewür hyzmatdaşlyklaryny döretmegiň mümkinçiliklerine garady
Pakistanyň gurluşyk we hyzmatlar pudagynyň wekilleriniň Türkmenistanda iş saparynyň dowamynda geçiren duşuşygy, (Surat: THP)

Pakistanyň gurluşyk we hyzmatlar pudagynyň wekilleri Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda täze işewür hyzmatdaşlyklary döretmek mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

2026-njy ýylyň 19–23-nji awgusty aralygynda geçirilen saparyň çäklerinde Pakistanyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginde, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyklary geçirdiler.

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, Pakistanyň gurluşyk pudagynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, önümleri ibermek hem-de şertnama esasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde Pakistanyň wekiliýeti bezeg keramik plitalaryny öndürýän “Eziz Doganlar Keramika” kärhanasyna hem-de “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetine hem baryp gördi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022