Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 14–16-njy oktýabry aralygynda Belarusyň Minsk şäherinde geçiriljek Belarus Senagat forumyna gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Forumyň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, “Ekspoforumyň” guramagynda 1997-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Belarus Senagat forumy öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamyndaky üstünlikleri görkezýän halkara çäreleriň biri hökmünde tapawutlanýar.
Forum senagat inženerçiligi üçin enjamlar we hyzmatlar, kebşirlemek we kesmek üçin tehnologiýalar, himiýa we nebit-gaz senagaty, polimerler we kompozitler, barlaghana we ölçeg çözgütleri, şeýle hem senagat üçin sanly tehnologiýalar we çözgütler boýunça alty pudaklaýyn sergini öz içine alýar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde senagatyň sanly özgertmeleri boýunça VI forumyň, Belarusyň Senagat howpsuzlygy boýunça respublikan kongresiniň, ylmy-tehniki konferensiýalaryň we Belarusyň 22-nji kebşirleýjiler bäsleşiginiň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mundan başga-da kiçi we orta telekeçiligi iri önümçilikleriň üpjünçilik zynjyrlaryna goşmaga ýardam berjek senagat ugry boýunça sargytçy we üpjün edijileriň arasyndaky biržanyň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Guramaçylaryň bellemegine görä, forum döwlet, senagat we telekeçilik wekilleriniň arasynda göni dialog üçin meýdança hökmünde çykyş eder. Çäre täze senagat enjamlaryny, önümleri we tehnologiýalary halkara we sebit bazarlaryna çykarmak, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.

















