Türkmenistanyň Prezidenti Stomatologiýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Stomatologiýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Stomatologiýa merkeziniň gurluşyk işleriniň tasalamalary bilen tanyşýar (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherindäki gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Stomatologiýa merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanyna merkeziň gurluşyk işleriniň gidişi, bezeg işleri hem-de häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjünçiligi barada hasabat berildi. Merkez islendik ýaşdaky raýatlara stomatologiýa we ýüz-äň hirurgiýasy boýunça lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenendir. Merkezde lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlykda ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu merkezde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Mundan başga-da bu ýerde işlejek hünärmenleri seçip-saýlap almak işleri hem alnyp barylýar.

Merkez dolandyryş ulgamyndan, ýatymlaýyn we gatnawly kliniki bölümlerden, hojalyk-tehniki, elektron barlaghana toplumlaryndan ybarat bolup, ýüz tutýan raýatlaryň elektron maglumatlaryny ýöriteleşdirilen monitoring maksatnamalary arkaly dolandyrmak meýilleşdirilýär. Stomatologiýa merkezinde gaýragoýulmasyz kabul ediş, şöhle bilen we funksional anyklaýyş, endoskopiýa, kliniki barlaghana, operasiýa, sterilizasiýa, anesteziologiýa, reanimasiýa hem-de fizioterapiýa bölümleri döredildi. Merkezde ornaşdyrylan döwrebap enjamlar emeli aňyň kömegi bilen maglumatlary seljermäge we çylşyrymly bejeriş amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Serdar Berdimuhamedow täze merkezde ornaşdyrylan enjamlaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň we olaryň netijeli işlemegi üçin ýokary derejeli hünärmenleriň zerurdygyny belledi. Şeýle hem merkezi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek üçin Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen utgaşykly işlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Stomatologiýa merkezinde 45 tehnige niýetlenen sanly ulgam arkaly dolandyrylýan diş tehnikleriniň barlaghanasy hem döredildi. Ol kompýuter goldawly taslama we önümçilik (CAD/CAM) toplumlary, awtomatik 3D nusgalary çap ediş we arassalama enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem “Akylly” emeli aň ulgamy taslamalary awtomatlaşdyrmaga, takyklygy üpjün etmäge hem-de çylşyrymly protezleri gysga möhletde taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Stomatologiýa merkezini Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutany desganyň gurluşygyny bellenilen möhletlerde we ýokary hil derejesinde tamamlamak hem-de açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022