Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini ilkinji Gurultaý saýlawlarynyň geçirilmegi bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini ilkinji Gurultaý saýlawlarynyň geçirilmegi bilen gutlady
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Gazagystan Respublikasynyň Gurultaýynyň ilkinji saýlawlarynda ses berýän pursady (Surat: akorda.kz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany hatynda Kasym-Žomart Tokaýewiň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Gazagystanyň halkynyň uzak möhletleýin abadançylygy üçin berk esas döredýän düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedow giň halk goldawyna eýe bolan ilkinji Gurultaý saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmeginiň döwlet häkimiýeti we dolandyryşy ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen üýtgetmeleri durmuşa geçirmekde möhüm ädimdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dürli ugurlarda depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022