Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň ýolbaşçylaryna tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň ýolbaşçylaryna tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudele hem-de Premýer-ministri Balendra Şaha ýurduň demirgazyk sebitinde emele gelen suw joşgunlarynyň we süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow tebigy betbagtçylykda ejir çekenlere tiz wagtda sagalmak baradaky dileglerini ýetirdi.

26-njy awgustda Nepal bilen Hytaýyň serhedine ýakyn ýerleşýän Tibet sebitinde tebigy betbagtçylyk bolup geçdi. Buzluk we dag jynslarynyň süýşmegi netijesinde suw joşgunlary we süýşgünler emele gelip, Gyirong serhet zolagyna zyýan ýetirdi.

Häzirki wagtda tebigy betbagtçylygyň bolan sebitinde gözleg-halas ediş işleri dowam edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС