Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi

BT
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisini kabul etdi
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebejini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutany Prezident Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Şener Jebejini Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýe bilen gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigi bellenildi. Şeýle hem ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklar, Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlary we gepleşikleri hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygy nygtaldy.

Şeýle hem ýurtlaryň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi, medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň giň gerimde alnyp barylýandygy bellenildi.

Şener Jebeji bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, diplomatik wezipesinde iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022