Iri halkara binagärlik kompaniýalarynyň biri bolan “Zaha Hadid Architects” Aşgabatda 3–5-nji noýabr aralygynda geçiriljek CIET 2026 halkara maslahatyna we sergisine gatnaşar. Bu barada forumyň bilelikdäki gurnaýjysy bolan TEF habar berýär.
Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda CIET 2026-a kompaniýanyň direktory, iri binagärlik, infrastruktura we şähergurluşyk taslamalary boýunça hünärmen Manuela Gattonyň özi hem gatnaşar. "Zaha Hadid Architects” halkara derejesinde iri taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribä eýe bolup, Hytaýdaky Beijing Daxing halkara howa menzili we Saud Arabystanyndaky KAPSARC merkezi hem kompaniýanyň durmuşa geçiren iri taslamalarynyň biridir.
CIET 2026 halkara sergi we masalahatynyň çäklerinde halkara kompaniýalar bilen döwlet edaralarynyň we Türkmenistanyň hususy kompaniýalarynyň wekilleri bilen B2G we B2B görnüşindäki duşuşyklar hem geçiriler. Bu duşuşyklar maýa goýumlary, täze tehnologiýalary we halkara tejribäni gurluşyk, senagat, energetika hem-de infrastruktura taslamalaryna çekmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga giň mümkinçilik berer.
Duşuşyklarda häzirki zaman taslama çemeleşmeleri, durnukly gurluşyk, infrastruktura ösüşi we täze taslamalarda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
CIET 2026 halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin forumyň resmi internet sahypasynda hasaba alynmak mümkindir: ciet-turkmenistan.com.

















