Türkmenistanda “Elektron söwda hakynda” kanun taslamasy taýýarlanylýar

BT
Türkmenistanda “Elektron söwda hakynda” kanun taslamasy taýýarlanylýar
Müşderiniň elektron ulgam arkaly söwda edýän pursady (Surat: BT)

Türkmenistanda “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Mejlisiň Başlygynyň bellemegine görä, häzirki wagtda Mejlisde “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine, beýleki käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, ýurduň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine taýýarlyk görmek hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen bagly işler alnyp barylýar.

Şeýle hem Mejlisiň Başlygy deputatlaryň kanun çykaryjylyk işi boýunça tejribe alyşmak maksady bilen Özbegistana iş saparyny amala aşyrandyklaryny belledi. Şeýle-de deputatlar Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran maslahatlaryna we duşuşyklaryna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň we ýurduň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022