Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Toşimisu Motegi wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Ýapon ministri Kumamoto prefekturasynda bolup geçen ýertitreme zerarly iberen gynanç haty üçin hem Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Toşimisu Moteginiň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigi bellenildi. Taraplar döwletleriň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl-de, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň “ITOCHU Corporation”, “Toyo Engineering Corporation” we “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” ýaly iri ýapon kompaniýalary bilen gaz we himiýa senagatynda köp ýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesiniň bardygyny belläp, bu ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyna üns çekdi.
Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýeti hem bellenildi. Taraplar netijeli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Şol gün Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem duşuşdy. Gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijesinde hem Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2027–2029-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

















