Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Kenji Ýamada duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýada Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şeýle hem ol Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Sanae Takaitiniň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Myhman Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine we “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi. Ol Türkmenistanyň Milli gününiň ilkinji bolup geçirilmeginiň sergide Türkmenistana bolan gyzyklanmany artdyrandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Kenji Ýamadanyň saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň netijeleriniň türkmen-ýapon ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýokary derejedäki özara saparlaryň we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

















