Aşgabat şäherinde ykdysady ösüşe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçiriler

BT
Aşgabat şäherinde ykdysady ösüşe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçiriler
“Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty (Surat: TDH)

Aşgabat şäherinde sentýabr aýynda “Innowasiýalar we sanly tehnologiýalar ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýçleridir” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, maslahatda Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň geljekki ugurlary, döwlet dolandyryşynda we ykdysadyýetiň pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem elektron hökümet, emeli aň, maliýe tehnologiýalary, sanly hyzmatlar, önümçilik işlerini kämilleşdirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we halkara tejribäni öwrenmek bilen bagly möhüm meselelere garalar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda ykdysadyýetiň innowasion ösüşini gazanmaga we ykdysadyýetiň pudaklaryna öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol Wise-premýere ýurduň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

2022