Bäherden tikin fabriginde döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylar. Häzirki wagtda fabrikde öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümçilik kärhanalaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak arkaly öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, dokma kärhanalaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşini we möçberini artdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle hem ol Bäherden tikin fabrigini has-da döwrebaplaşdyrmak baradaky teklibi makullady hem-de Wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















