Türkmenistanda gozgalmaýan emläk we ahalteke bedewleri boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar

BT
Türkmenistanda gozgalmaýan emläk we ahalteke bedewleri boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar
Türkmenistanyň Mejlisi

Türkmenistanyň Mejlisinde “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde maglumat berdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Mejlisiň Başlygynyň bellemegine görä, häzirki wagtda “Kärende hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Neşirýat işi hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça hem işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle hem milli parlamentiň wekilleriniň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen Özbegistanyň Samarkant we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherlerinde iş saparlarynda bolandyklary barada maglumat berildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň hukuk binýadyny berkitmek we kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

2022