Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine gatnaşar

BT
Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine gatnaşar
Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň baýdaklary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ilkinji “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde gatnaşjak ilkinji “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet saparynyň çäklerinde ykdysadyýet, maýa goýum, ulag-logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, ylym we bilim ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy öz içine alýan birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistan 2023-nji ýylda bu forumda başlyklyk etdi we Aşgabat şäherinde onuň 16-njy mejlisi geçirildi.

Raşid Meredow döwlet saparyna we sammite taýýarlyk görülýändigini aýdyp, saparyň netijeleriniň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biridigini belledi we döwlet saparyna hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

2022